Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ZENAN – ZEMINIŇ GÖRKI

Ene – mähir-muhabbet, kerem-keramat. Ene hakda näçe taryplasaň taryplabermeli, olaryň waspyny uly ummandyr deňizlere, çöldür sähralara, dagdyr-düzlere ýazsaň hem azdyr. Ene ýylgyrsa dünýä ýylgyrýar. Ene elmydama öz perzentleri üçin baryny bagyş edýär, özi iýmän iýdirýär, özi geýmän geýdirýär. Saçyna ak giren maňlaýy ýygyrt atan bolsa-da elmydama ol çagalarynyň aladasy bilen ýaşaýar. Gijelerine hem uklaman balasyny mähir bilen hüwdüläp ýyljajyk gujagyny gerýär. Çagalary ulalyp öýli-işikli bolýança olaryň aladasyny bütin gerdeninde çekýär. Ene ýaly gaýduwsyz, mert ýürekli ynsan megerem ýok bolsa gerek?! Şatlygyňa şatlyk goşup, gamgyn bolan halatyňda bolsa, şol gussaňa derman tapýan, iň agyr we kyn günleriňde-de ýene başyňy sypajak enedir.

Ýurdumyzda zenanlara, gyz-geliniň terbiýesine juda uly üns berilýär. Türkmeniň milli öwüşginli egin-eşiklerini geýnip, uz basyp ýöräp gelýän türkmen zenany gözelligiň nusgasydyr. Çünki türkmeniň ajaýyp keşdeleri, milli şaý-sepleri edepli-ekramly mylaýymzada gelin-gyzlaryň egninde, ajaýyp bir sungat eserini ýatladýar.

Syny gözel, edep talaby juda ýokary halkymyzyň şeýle ýokary bahasyna mynasyp bolýan gyz-gelinleri terbiýeläp ýetişdirmegiň ýoly bir… Munuň üçin halkymyzyň köp asyrlar taraşlan millilik ýoluna daşdan berk, gala ýaly synmaz hormatyň hem ygraryň bolmaly. Meselem, bir öýüň gyz-gelniniň edebine, öý-içerisine yhlas edişine baha berlende, tamdyr ojagyny synlapdyrlar. Tämiz gelniň tamdyrynyň körüginiň öňünde kül üýşüp durmaz. Kendirigi, elegi, hamyr jamy, ýeňligi, dürtgüji, repidesi – hersi öz ýerinde, tämiz saklanýandyr. Bu gylyk-häsiýetler türkmeniň ene-mamalaryndan bu günki günlere gelip ýetipdir. Asyllygyň, edepliligiň mysalydyr türkmen gyz-gelini…

Gyzyň gözelligi haýasynda, edebinde jemlenipdir. Hoşgylaw we mylaýymzada gyzlar ene-atanyň göwün şady hasaplanypdyr. Ene-atanyň ilkinji borjy çagasyna edep-terbiýe bermek, soňra bolsa hünär öwretmek bolupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgä görä, enesiniň terbiýesini alan gyz asylly we edepli bolup ýetişipdir.

Nusgawy şahyrlarymyz gyzlary owadan Aýa, Güne deňäp, taryp edipdirler. Gözel gyzlaryň daşky owadanlygy bilen olaryň edep-ekramy hem taryplanypdyr. Türkmen gözeli taryhyň ähli döwürlerinde öz edebini saklap bilipdir. Muňa edebi eserlerimizde döredilen zenan keşpleri şaýatlyk edýär. Görüm-göreldesi, mylaýym häsiýeti, zenan mertebesini saklaýşy bilen uly abraýa eýe bolan türkmen zenanlarynyň birnäçesiniň ady taryha-da girendir.

Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünje ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Magtymguly Pyragynyň «Durasyň geler» goşgusyny ünsli okasaň, asylly türkmen gözeliniň ruhy sypatlary we fiziki keşbi janlanýar.

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Onyň hyzmatynda durasyň geler.

Edepli-ekramly, mylaýymzada,

Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

Şahyr öz goşgy setirlerinde gyz-gelinleriň daşky gözelligini we içki dünýäsini, ýagny edepliligini şahyrana beýan etmegi başarypdyr.

Gyz maşgala ýaşlykda berilýän edep, öwredilýän edim-gylym ýerlikli bolanda, ol hemişe abraýly gelin bolmaklyga çalşar, öz atasy öýüniň sarpasyny galdyrar. Gyzly öýe hemişe aýratyn sarpa goýlupdyr. «Gyzly öý, soltanly öý», «Gyzly öýe rehnet ýagar», «Gyzly öý gyzyldan halka» diýilýär. Gyzyň keşbi-de, ysy-da güle deňelýär. Diýmek, olar durmuşyň gülleridir.

Edebinde edaly, girim-çykymynda nusgalyk türkmen zenanynyň eziz Diýarymyzda hormat-sarpasy hem edil şonuň ýaly üýtgeşikdir. Ene-mamalara bolan çäksiz hormat-sylagynyň nyşany hökmünde ýurdumyzda 8-nji mart – Halkara zenanlar güni gözelligiň, näzikligiň, nusgalyk ahlagyň, tükenmez ene mähribanlygynyň baýramy bolup uludan bellenilýär. Türkmenistanda ýaş çagaly eneler, köp çagaly maşgalalar döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldaw-aladasy bilen gurşalyp alnandyr. Eneleriň çen-çäksiz yhlasynyň, täze ömre başlangyç bermek hukugynyň, hakyky kerem-keramatynyň hem irginsiz yhlasynyň nyşany hökmünde Türkmenistanda «Ene Mähri» diýen hormatly at, «Zenan kalby» ordeni döredildi. Häzirki döwürde bu arzyly döwlet sylaglary mähriban Watanymyzda perişde ýaly tämiz eneleriň, öýünde-maşgalasynda, önümçilikde hem jemgyýetçilik işinde hemmelere görelde bolmagy başarýan baýdak ýaly türkmen zenanlarynyň onlarçasy buýsanç bilen göterýärler.

Goý, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun! Zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!

Gözel GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.