Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK – WATAN ASUDALYGYNYŇ BERKARARLYGY

    Şu gün...

  • TELEKEÇILIK IŞINI ÜSTÜNLIKLI AÇMAK WE ÖSDÜRMEK

    Golaýda...

  • MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY

    Golaýda...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK, HOŞNIÝETLILIK WE YNANYŞMAK TAGLYMLARYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu gün...

  • OBA HOJALYGYNDA TELEKEÇI ZENANLARYŇ ORNY

    Şu günler...

BITARAPLYK - BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň  guramagynda Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen «Bitaraplyk-baky berkararlygyň binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabara bilen toýlanyljakdygy özboluşly mazmuna eýe bolup, dünýäni jebislige we ynanyşmaga çagyrýar. Şanly senäniň hormatyna geçiriljek halkara çärelerdir dabaralar dünýä giňişliginde Bitaraplygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary ilerletmekde möhüm başlangyçlary we mümkinçilikleri öňe sürýänligi bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belent tutumlary ýurdumyzyň möhüm syýasy, ykdysady we ekologik başlangyçlary öňe sürýän, uzak möhletleýin ösüş maksatlary bolan kuwwatly döwlet hökmündäki at-abraýyny täze belentliklere göterýär. Maslahat duşuşygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly bütin dünýäde uly dabaralara beslenip, baky Bitaraplygymyzyň, dost-doganlyga uly sarpa goýýan merdana halkymyzyň hoşniýetli parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak ýaly milli ýörelgeleriniň dabaralanmagy babatda giň mümkinçilikleri döredýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy parahatçylygyň we ynanyşmagyň, dost-doganlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP