Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • “BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝURDY – TÜRKMENISTAN” ATLY MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

    Şu gün...

  • «TÜRKMENISTAN- DÖWREBAPLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ DIÝARY»

    2026-njy...

  • “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” DIÝIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI.

    2026-njy...

  • “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

    Şu gün...

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

HALK MASLAHATY - DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI

2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda “Halk Maslahaty - döwletlilik ýörelgesi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda  Berkarar Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini halkymyza giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyş edenler  türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyz baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi  we ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilýändigi, bu zatlar halkymyz hakdaky aladalardan gözbaş alýanlygy hakynda giňişleýin belläp geçdiler.  

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň duşuşykda ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP