Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Garaşsyzlyk-bagtymyz

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türk­me­nis­tanyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da par­tiýa­nyň eda­ra bi­na­sy­nyň mej­lis­ler ja­ýyn­da Türkme­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 31 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li “Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz” at­ly dabaraly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu mas­la­ha­ta Türk­me­nis­tanyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň ýaş iş­jeň    ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da edi­len çy­kyş­lar­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dep­gin­li ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti bo­lan te­le­ke­çi­lik baş­langyç­la­ry­nyň gol­da­nyl­ma­gy we işe­wür­li­giň hö­weslen­di­ril­me­gi hu­su­sy pu­da­gyň ro­waç­lan­ma­gy­na ba­dal­ga beren­di­gi, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek­de te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­na, hu­su­san-da, is­leg bil­di­ril­ýän da­şa­ry ýurt harytla­ry­nyň or­nu­ny tut­ýan we eks­por­ta ni­ýet­le­nen önüm­le­riň ön­dü­ril­me­gi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­di­gi bel­le­nil­di. Ge­çen gys­ga dö­wür­de döw­le­ti­miz­de ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge gol­daw ber­me­giň tä­ze hu­kuk esas­la­ry dö­re­dil­di. “Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­ligi gol­da­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. 2018-nji ýyl­da “Türk­me­nis­ta­nyň ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­ma­gyň 2018 — 2024-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy” ka­bul edi­lip, hä­zir­ki wagt­da ol üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ba­zar gat­na­şyk­la­ry ýö­rel­gesin­de gu­ra­ýan Türk­me­nis­tan­da halk ho­ja­lyk top­lu­mynyň bu bö­le­gi­ni ne­ti­je­li, saz­la­şyk­ly ös­dür­mek üçin amat­ly yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe we dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di. Ol sal­gyt ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek­de, eks­port-im­port amal­la­ry­ny ge­çir­me­gi ýö­ne­keýleş­dir­mek­de, ýe­ňil­lik­li karz­laş­dyr­mak­da öz beýa­ny­ny tap­ýar. Çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan Garaş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan­dan soň­ra yk­dy­sa dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek ýo­ly bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň berk esa­sy­ny dö­ret­me­gi, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň önüm­çi­lik, in­no­wa­si­on we ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­landyr­ma­gy, döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk bö­le­giň je­mi içer­ki önüm­dä­ki pa­ýy­ny, te­le­ke­çi­li­giň da­şar­ky söw­da do­la­ny­şy­gyn­da­ky pa­ýy­ny art­dyr­ma­gy, bi­le­lik­dä­ki we da­şa­ry ýurt kär­ha­na­la­ry­nyň giň gerim­li ösü­şi­ni üp­jün et­me­gi ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi, hu­su­sy bö­le­giň ösü­şi­ni gol­da­mak bo­ýun­ça sy­ýasa­ty­nyň esa­sy mak­sat­la­ry hök­mün­de kes­git­le­di. Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

TSTP