19-njy iýulda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň beýik ýoly bilen!” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, 14-15-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze derejesini alamatlandyrdy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol resminamalara laýyklykda, oba hojalyk we dokma önümleriniň, azyk, gurluşyk hem-de senagat harytlarynyň eksport-import amallaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanmasy 13-nji iýulda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynyň, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, aýryaýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda-da tassyklanyldy. Iki ýurduň halklarynyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hoşniýetli türkmenözbek gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, eziz Diýarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy diýlip, çykyşlarda bellenildi.
TSTP