Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Özgerýän we gülläp ösýän Türkmenistan döredijilik zehiniň nyşanydyr

         Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Özgerýän we gülläp ösýän Türkmenistan döredijilik zehiniň nyşanydyr” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu gün Türkmenistanda şan-şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy milli däp-dessurlar mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan meseleleri bu strategiýanyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynda öz beýanyny tapýar.

Maslahatda ýakynda giň bäsdeşlik, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň, onuň netijeleri boýunça Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze Prezidentiniň işe girişmeginiň türkmen döwletiniň häzirki zaman taryhyndaky demokratik binýadynyň pugtalandyrylmagyndaky aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Munuň Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, onuň täze taryhy eýýamda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar täze döwrüň täze wezipeleri öňde goýýandygyny nygtap, olary ýerine ýetirmekde irginsiz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP