Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Türkmen dutary parhatçylygyň, hoşniýetliligiň mukamy

         Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň we Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen, “Türkmen dutary parhatçylygyň, hoşniýetliligiň mukamy” atly aýdym-sazly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda oňyn netijeleri gazanýan bagtyýar ýurda öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy maksady türkmen halky hem-de dünýäniň halklary üçin parahatçylykly ösüşi, asuda durmuşy üpjün etmekdir. Milli Liderimiziň bu maksady hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tutýan ýoly hökmünde halkara bileleşiginde giňden ykrar edilýär diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bize şular ýaly ajaýyp parahat zamanamy sowgat edeni üçin hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

TSTP