2021-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýakynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabarada çykyşlarda täze eseriň Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň hataryny artdyrandygy buýsanç bilen bellenildi hem-de şu mynasybetli Milli Liderimiziň adyna gutlag sözleri aýdylar.
Umuman aýdylanda, owadan paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen medeni –durmuş maksatly binalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylydy. Ýurdumyzyň baş şäheri onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň aýdyň mysalydyr. “Ak şäherim Aşgabat” kitaby bolsa paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli Milli Liderimiziň halkmyza ajaýyp ajaýyp peşgeşidir.
Hormatly Prezidentimiziň Ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde, onuň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler hem-de Gahryman Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolmagy arzuw etdiler.
TSTP