Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň gök we bakja önümlerini öndürýän ýyladyşhanasynda Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak barada berilýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we Gahryman Arkadagymyzyň berýän öwüt-ündewlerini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen «Kämil terbiýe – mizemez gymmatlykdyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesillere durmuşyň ähli gözellikleri bagyş edilýär. Ýaşlarda Watana wepalylygy terbiýelemek türkmen halkynyň häsiýetli aýratynlyklaryň biridir. Ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermekligi bolsa Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynda baş wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek meselesi bagtyýar zamanamyzda täze öwüşgine eýe boldy. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim almaklaryna, döwletlilik ýörelgesine görä terbiýelenmeklerine, sagdyn we berk bedenli bolup, ösüp ýetişmeklerine we hünär öwrenmeklerine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Şol sanda nesil terbiýesinde sagdyn bedenli, iş başarjaňly, ussat ýaşlaryň kemala gelmegi ugrundaky özgertmeler netijesinde türkmen ýaşlary ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýarlar.
Ýaşlar barada aladalary, Watanymyzyň ýagty geljegi üçin mähriban halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP