Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÄZE EÝÝAMYŇ AJAÝYP ÖSÜŞLERI

Eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň baş maksadydyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlary milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalarda aýdyň beýanyny tapýar.

Asudalygyň, agzybirligiň, sagdynlygyň we beýik maksatlara okgunlylygyň rowaç ülkesinde ähli ýagşy işler, beýik tutumlar öňe ilerlemek we ösmek bilendir. Watanyň asudalygy, döwletiň berkararlygy, il-günüň bagtyýarlygy her bir beýgelişe we ählitaraplaýyn ösüşe esasy söýget bolup hyzmat edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ähli ugurlarynda, saglyk, medeniýet, ylym-bilim, senagat we ykdysady pudaklarda, il-halk bilen bagly ähli pursatlarda «Döwlet adam üçindir!» diýen çuňňur manyly sözi baş şygar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz  halkyň bagtyýarlygy we döwlet berkararlygy üçin öňdengörüjilikli beýik işleri amala aşyrýar.  

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň sazlaşykly ösdürilmegine, raýatlarymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirýän işler täze taryhy eýýamyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 

Ýeri gelende bellesek ýaňy ýakynda has takygy 9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. 

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli şol gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi.

Geçen hepdäniň möhüm wakalaryna syn bermegi dowam etmek bilen,10-njy oktýabrda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy.

Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji durky doly täzelenilen köçäniň adyna germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Professor Hans Maýsneriň saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandynyň uludygyny aýratyn bellemek gerek.

Bu ynsanperwer ýörelgeler adamlaryň saglygy, ýaşaýyş durmuşy, döwrebap ýaşamagy baradaky aladadan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüşi wagyz edýän we onuň durmuşa geçirilmeginde işjeň orny eýeleýän ýurt hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň saglygyny goramak maksatnamalaryny göz öňünde tutýan uly oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň berk maddy-tehniki binýady esaslandyrylýar, Daşary ýurtlar bilen ylmy-amaly we tehnologiýa babatda ysnyşykly we özara peýdaly gatnaşyklar ýola goýulýar. Ilatyň saglygyny goramak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny ýokarlandyrmak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň möhüm ugry 

Geçen hepdäniň möhüm wakalaryna syn bermegi dowam etmek bilen, 11-nji oktýabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň geçirilendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän tutumly işlerden dana Pyragynyň pähim-parasadyna belent sarpa goýulýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonuň netijesinde-de, dünýäniň nazary Türkmenistana gönükdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän maslahatlardyr dabaralar bir-biriniň üstüni ýetirýär. Aşgabatda ýokary derejede geçen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum Türkmenistanyň ynsanperwerlikden gözbaş alýan syýasatyny dünýä ýaýan wakalaryň biri boldy. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu forum diňe bir Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanman, eýsem, tutuş adamzadyň ykbalyna täsirini ýetirýän agzybirlik, jebislik, parahatçylyk taglymatlaryna bagyşlandy. Onuň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmekden ybarat boldy.

Beýik şahsyýet hökmünde ykrar edilen ynsanlaryň döreden eserleri ― galdyran mirasy belli bir milletiňki bolman, ol baýlyk bütin adamzada degişlidir. Halkymyzyň dana ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halklaryň arasynda hoşniýetliligi ündemekde örän uly ähmiýete eýedir. Türkmeniň akyldar şahyrynyň pähim-parasada ýugrulan şygyrlary bu gün bütin adamzadyň ruhy medeni gymmatlygyna öwrüldi.

Halkara derejesinde geçirilýän dabaralarda doganlyk goňşy döwletleriň wekilleriniň Magtymguly atamyz barada aýdýan ajaýyp sözleri, onuň goşgularyna goýulýan gadyr-gymmat halkymyza goýulýan hormat bolup kalplara doldy.

Halkara forumy dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge itergi berer. «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede geçirildi. Umumy mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň iň öňdebaryjy halkara tejribä hem-de Türkmenistany dünýä syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşmaga gönükdirilen düýpli täze taslamalara, ösüşiň täze ugurlaryna badalga bermek bilen, ähli özgertmeleri halkymyzyň mynasyp durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirdi, olar maddy abadançylygy we amatly ýaşamagy, jemgyýetimiziň ruhy kämilligini hem-de döredijilik, aň-paýhas taýdan şahsyýetiň öz ukyplaryny doly açmaga mümkinçiliklerini özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz giň gerimli maksatnamalarynda bellenilen täze giňişlikleriň we mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi hem halkymyzyň taryhy tejribesi, onuň gadymy dünýägaraýyşlary esasynda guraldy.

Gözümiziň alnynda ägirt uly maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Batyrgaý başlangyçlar, çuňňur syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri anyk häsiýete eýe bolup, Türkmenistany kuwwatly, gülläp ösýän döwlete öwürdi. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, senagat ulgamynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegi we täze eksport giňişlikleriniň açylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.

 

Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletler bilen özara hyzmatdaşlyk saklap, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty türkmen telekeçileriniň dünýä ýurtlarynda geçirilýän işewürler maslahatlaryna, halkara forumlara, sergilere, duşuşyklara yzygiderli gatnaşmaklaryna, olaryň dünýä tejribesini öwrenmeklerine giň ýol açýar.

Hal­ky­my­zy eş­ret­li dur­muş­a sary alyp barýan, Wa­ta­ny­my­zy ro­waç­ly­gyň meka­ny­na öwür­ýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janla­ry sag, ömür­le­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.