Şu gün “Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň mejlesler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda sagdyn-durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen “Sagdyn beden – sagdyn ruh”atly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň sagdyn-durmuş kadalaryny dogry berjaý etmeleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak hakynda giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem watansöýüji, ahlakly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada anyk mysallara salgylanylyp gürrüň edildi.
Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, beden hem ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek ugrunda irginsiz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
TSTP