Soňky çäreler

  • #
    Döwlet nyşanlarymyz – ajap eýýamyň şamçyragy

    2022-nji...

  • #
    Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy

    2022-nji...

  • #
    “Öm­rü­miň ma­ny­sy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

    2022-nji...

Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty

2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar  we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Balkan welaýat Geňeşi bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen– halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatynda hem-de kabul ediş dabarasynda eden çuňňur many-mazmunly çykyşyny halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň asuda hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegi hakynda yzygiderli alada edýän Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.   

TSTP