Soňky çäreler

  • #
    Döwlet nyşanlarymyz – ajap eýýamyň şamçyragy

    2022-nji...

  • #
    Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy

    2022-nji...

  • #
    “Öm­rü­miň ma­ny­sy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

    2022-nji...

Halkyň Arkadagly zamanasy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  Balkan welaýat partiýa komiteti tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly hökmünde  ýurdumyzyň taryhynda  müdimilik galjak 2021-nji ýyl hem tamamlanyp barýar. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem halkymyz üçin uly ähmiýeti  bolan şanly wakalaryň, beýik zähmet ýeňişleriniň, ajaýyp üstünlikleriň ýyly boldy. Geljeki 2022-nji ýyl hem “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylmagy hem has-da guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu gün ýurdumyzyň ilaty milli Liderimiziň  parasatly baştutanlygynda  bagtyýar durmuşyň hözirini  görüp ýaşaýar we öňde durýan beýik maksatlaryň  üstünlikli  durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy  ugrunda öndürijilikli zähmet çekýär. Munuň özi  watandaşlarymyzyň nurana geljege bolan ynamyny  has-da pugtalandyrýar.

TSTP