Soňky çäreler

  • #
    Döwlet nyşanlarymyz – ajap eýýamyň şamçyragy

    2022-nji...

  • #
    Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy

    2022-nji...

  • #
    “Öm­rü­miň ma­ny­sy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

    2022-nji...

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda ahlak-hukuk terbiýesi

2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 23-ne Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çäginde ösen senagat zolagynda ýerleşýän “Demir ölçeg” hususy kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, “Magtymgulynyň edebi mirasynda ahlak-hukuk terbiýesi” atly  wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Edep-terbiýe ýörelgeleri we milli medeniýet türkmen jemgyýetiniň has-da gülläp ösmeginde aýgytlaýjy orny eýeleýär. Şu jähetden, Diýarymyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň parahatlygynyň bir sakasynda agzybir, edep-ekramly maşgala hem-de onda terbiýelenen kämil şahsyýetler durýandyr.

  Hormatly Prezidentimiz: „Ýaşlary halallyk, agzybirlik, ýokary ahlaklylyk, belent watançylyk ruhunda terbiýelemek ähli özgertmelerimiziň özenidir“ diýip belleýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwrümiziň bagtyýarlygy durmuşyň belent derejesi, ýaş nesliň eşretli erteleri babatda alnyp barylýan giň möçberli tutumlar watandaşlarymyzyň geljege bolan ynamlaryna ynam goşýar. Häzirki döwürde her bir günümiz täze üstünlikleriň, maksatnamalarymyzyň arzuw-isleglerimiziň beýanyna beslenýär.

Goý, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda eziz halkymyz beýik maksatlara ýetip, döwletli diýarymyzy mundan beýlägem güllesin. Mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri rowaç alsyn!

TSTP