Soňky çäreler

  • #
    Döwlet nyşanlarymyz – ajap eýýamyň şamçyragy

    2022-nji...

  • #
    Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy

    2022-nji...

  • #
    “Öm­rü­miň ma­ny­sy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

    2022-nji...

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda, Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek boýunça hem uly işleri alyp barýar. Belent mertebeli Prezidentimiziň dermanlyk ösümlikleriniň adam saglygyna edýän täsiri barada ylmy esasda ýazan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary halkymyzyň ýan kitabyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň elimize gowuşmagy bizi has-da begendirdi. Türkmen topragy dermanlyk ösümliklerine iň baý ýerleriň biridir, dermanlyk ösümlikleriniň gadymy mekanydyr. Nurly Güneşiň jana tenekar howasynyň täsiri bilen kemala gelýän ösümlikleriň düzüminde ýaşaýyş üçin wajyp bolan maddalar saklanýar. Olary öwrenmek, dermançylyk ylmynyň derwaýys meseleleriniň biridir. Lukman Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitaby dünýä tejribesinde ilkinji gezek lukmançylyk sungatyna düýpli çemeleşilip ýazylan ylmy-ensiklopedik iş bolup durýar. 

Alym Prezidentimiziň bu ylmy işi häzirki döwürde fitoterapiýanyň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermek bilen bir hatarda, täze ylmy gözlegleri, açyşlary amala aşyrmagyň esasy bolup durýar. 

         Çäräniň ahyrynda Alym Arkadagymyzyň mundanam beýläkde galamynyň ýiti bolmagyny, jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP