Soňky makalalar

Aýdyň ertirimiziň maksatlary

Arkadag Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler bilen şöhratlanýandygy hemmämiz üçin äşgär hakykat. Şeýle ösüşli depginiň badynyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda has-da artýandygyny şanly ýylymyzyň her bir gününde görýäris. Döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň möçberli işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň depginli ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň dabarasy dünýä dolan 30 ýyllygynyň uly toýunyň öň ýanynda biz ýene bir taryhy wakanyň şaýady bolduk. Ol ak şäherimiz Aşgabatda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisidir. Şanly ýylymyzyň bu taryhy wakasynyň gözli şaýady bolmak bagtynyň maňa-da miýesser edendigini ýatlamak buýsandyrýar. Sebäbi şu mejlisde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol wajyp wezipeler bolsa, aýdyň ertirimiziň bagtyýar, abadan bolmagynyň maksatlaryny özünde jemleýär. Bilşimiz ýaly, giň wekilçilikli şu ählumumy forumda hormatly Prezidentimiz giňişleýin çykyş edip, ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda durup geçdi. Bu tutumly işlerem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny çalt depginlerde ösdürip, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem Gahryman Prezidentimiz çykyşynda amala aşyrmaly derwaýys wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň oba hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri ilerletmäge telekeçileri giňden çekmegiň zerurlygyny aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly, bu babatda netijeli işler giň gerime eýe bolýar. Şonuň ýaly-da täze iş orunlaryny döretmekde hususyýetçiligiň bähbitli mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna mejlise gatnaşanlaryň ünsüni çekdi. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň ýurdumyzyň telekeçilerine bildirýän uly ynamydyr. Şu ynamy abraý bilen ödemek jogapkärli wezipe bolup, welaýatymyzyň işewürleri bu babatda ähli tagallalary edýärler we geljekde has-da tutanýerli işleri durmuşa geçirerler. Halk Maslahatynyň şu mejlisine ýurdumyzyň telekeçileriniňem gatnaşandyklaryny, hususyýetçilerimiziň birnäçesiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli sylaglara mynasyp bolandyklaryny ýatlamak, meniň üçin örän ýakymlydyr.

Şu günler partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleri düşündirmekde, bu taryhy wakanyň ähmiýetini wagyz etmekde degerli çäreleri geçirýärler. Biz bu işiň talaba laýyk alnyp barylmagy üçin ähli tagallalary ederis. Şeýle aladalarymyz bolsa şanly ýylymyzy uly üstünlikler bilen jemlemegimize oňyn täsirini ýetirer. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işlere badalga berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy