Soňky makalalar

Şanly Garaşsyzlyk-dillerde dessan

   Döwletli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol beýik özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny, telekeçiligi goldamak we ösdürmek hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan derwaýys ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň hormatyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýatynyň agzalary bu gün özlerine bildirilen belent ynama jogap edip, mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar.

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady üpjünçiligi, maliýe-hukuk esaslary döredildi. Şeýle irginsiz aladalar bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleglere eýe bolmagy juda guwandyryjydyr. Özem şol arzyly önümleriň, döwrebap harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda hyrydarlarynyň köp bolmagy olaryň ýokary hil derejesi we ekologiýa howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.

   Esasy zat hem Arkadag Prezidentimiz özüniň taryhy ähmiýetli täsirli çykyşlarynda ýerlikli belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň wekillerine hemişe-de ýokary ynam bildirýär hem-de uly bil baglaýar. Olar hem öz gezeginde Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyna jogap edip, buýsanç bilen dowam edýän „Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylyny guwandyryjy üstünliklere, täze rowaçlyklara besleýärler. Bu bolsa Berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýolunda mynasyp orun tutýan, örän uly mümkinçilikleri özünde jemleýän bu ulgamyň ýeten derejesiniň, döwrebap ösüşleriniň aýdyň netijesidir.

   Buýsançly ýeri-de, Arkadag Prezidentimiziň döwlet derejesinde telekeçilere berýän yzygiderli hemaýatdyr goldawlary netijesinde Balkan welaýatymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan diýseň köp möçberli işler durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip,

- Balkan welaýaty boýunça gurluşyk we gurluşyk harytlarynyň önümçiligine degişli bolan “Ak gaýa” “Beg Töre”, “Giňdere”, “Mynasyp nesil”, “Şatlyk”, “Sary-Daş”,“Şir Arslan” “Zürýada hyzmat” hususy kärhanalary we hojalyk jemgyýetleri;

-Balkan welaýaty boýunça senagat önümçiligine degişli bolan “Kämil senet”, “Senagat plastik”, “Läle plastik”, “Batly gadam”, “Rysgally ussat”, “Demir ölçeg”, Telekeçi B.Ýegenmämmedowyň süzgüç öndürýän kärhanasy, “Ussat-Senetçileri” hususy kärhanalary we hojalyk jemgyýetleri;

-Balkan welaýaty boýunça oba hojalyk önümçiligine degişli bolan “Hazar Balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Nurly meýdan” daýhan hojalygy, “Tagam” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Parfiýa-Gurluşyk” hususy kärhanasy, “Dag melhemi” hususy kärhanasy, Telekeçi H.Annamämmedowyň ýyladyşhanasy, Telekeçi S.Näzliýewyň ýyladyşhanasy, Telekeçi T.Jepbarow miweli baglary;

   Hususan-da, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek we sanly ulgama ýerleşdirmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzybir işgärleri bolsa şol hususy kärhanalara, hojalyk jemgyýetlerine baryp, zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda wagyz-ündew işlerini yzygiderli alyp barýarys. Biziň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde telekeçilik ulgamynyň hem bedew batly, okgunly ösüşlere beslenýän döwrüne öwrüldi. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçilerimiziň asylly zähmetleri bilen paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hemme ugurlar babatda nusgalyk işler amala aşyryldy. Ýeri gelende aýtsak, Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligiň günsaýyn pajarlap ösmegi hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýerine ýetirýän işleriniň möçberiniň barha artýandygy bilen şertlendirilýär. Şeýle-de mähriban Diýarymyzyň milli telekeçilik pudagynda geçen ýylda önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalaryňdyr kärhanalaryň innowasion işleriniň işjeň ösendigini aýratyn bellemek gerek.

  Uly dabaralara, şanly wakalara beslenýän “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden bellenip geçilýän mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna hem agzybir merdana telekeçilerimiz özleriniň mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmek, önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän azyk harytlarynyň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny berkitmek boýunça hem toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Şu ugurda bolsa zähmetsöýer işewürlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň telekeçilik işini ösdürmäge berýän taýsyz goldawlaryny hemişe duýmak bilen parasatly milli Liderimiziň adyna tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

  Goý, döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan hem-de telekeçilerimiz barada, halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hem elmydama rowaç bolsun!

Toýmämmet Hajyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy